IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2024

     Lebap welaýat Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Onda bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 2 —4 synplarda okaýan gyzjagazlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

     Gyzjagazlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar milligimize, sungatymyza, medeniýetimize bolan söýgüsini şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Bäsdeş gyzjagazlar özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýerine ýetirmek boýunça hem başarnyklaryny açyp görkezdiler.

     Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň netijeleri boýunça Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebinden Aýna Döwletýarowa birinji, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdepden Jahan Jumaýewa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde baýrakly üçünji orna Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden Jennet Ergeşowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Manzura BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR