ZEHIN BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek meselesi mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň öňlerinde hem birnäçe wezipeleri goýýar. Şu nukdaýnazardan körpeler bilen geçilýän her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeligini ýokarlandyrmak, hereketli oýunlaryň üsti bilen çagalaryň düşünjelerini artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky anyk işler bilen birlikde biz hem körpeleriň zehinlerini artdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikleriň we çäreleriň guralmagyna işjeň gatnaşýarys. Ýakynda şeýle döredijilik bäsleşikleriniň birini Köýtendag etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň 42-nji çagalar bagynda hem guradyk.

      «Zehinli körpejeler» diýen at bilen geçirilen bu zehin bäsleşigiň esasy maksady çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň bilim derejelerini artdyrmakdan, olaryň ýatkeşligini ösdürmekden, olarda peýdaly endikleriň kemala gelmegini gazanmakdan ybarat boldy. Oňa çagalar baglarynyň mekdebe çenli taýýarlaýyş toparynda terbiýelenýän körpejeler gatnaşdylar. Çagalar bagynda terbiýelenýän zehin bäsleşigine gatnaşan çagalar türkmen, rus, iňlis dillerinde goşgy aýtmak, suratlardaky haýwanlara seredip olary sypatlandyryp bermek, öz ýaş aýratynlyklaryna görä berlen matematiki we zehin sowallara jogap bermek, matal, tapmaça aýtmak ýaly şertler boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle-de körpejeler çagalar üçin ýazylan kiçijik ertekiler hem sahnalaşdyrdylar we sport maşklaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň nurana günlerimizi we bagtyýar çagalygy, türkmen sportuny wasp edip ýerine ýetiren aýdymlary we joşgunly tanslary bäsleşige özboluşly bezeg berdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

Göwher MÖWLÝAMOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR