BIZ ÝAŞLAR SIZIŇ BILEN GAHRYMAN ARKADAGYMYZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garalan meseleler külli halkymyzyň Watana bolan söýgüsini has hem artdyrdy. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi. Şu jähtden ugur alnyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleriniň öňünde goýlan wezipeleri birkemsiz ýerine ýetirmeklik barada maslahat geçirildi. Maslahatda jemgyýetçilik birleşikleriniň jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlaryny hem-de medeniýetini kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmek, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligimizi pugtalandyrmak babatda möhüm işler alnyp barylmagynyň zerurdygy biz ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň, aýdyňdygy bellenilip, anyk maksatlar we wezipeler öňde goýuldy. Täze taryhy döwrüň belent maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmeginiň zerurdygy bellenilip geçildi.

     Maslahatda çykyş eden ýaşlar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldamak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, mundan beýläk-de maksada okgunly zähmet çekjekdiklerini ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

 

Azat AMANOW,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň Sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA