ÝAŞLAR — ÝURDUMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

      Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleri ylym-bilim bilen bir hatarda edep-terbiýeli edip ýetişdirmek halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasada ýugrulan ajaýyp eserleri terbiýe mekdebidir.

      Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelerinden ruhlanyp, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýär. Biz hem şu günler ýaşlary milli ruhda, pederlerimiziň ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelemek maksady bilen Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşyklary guraýarys. «Ýaşlar — ýurdumyzyň güýç-kuwwaty» diýen at bilen geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli duşuşyklarda ýaşuly nesliň wekilleri hem ýaşlara özleriniň durmuş tejribesi esasynda gymmatly maslahatlary, öwütleri berýärler. Edilýän çykyşlarda Berkarar döwletimizde ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän aladalardan, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan aýratyn söz açylýar.

      Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden we gymmatly maslahatlaryndan şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesinden ruhlanyp, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere mundan beýläk-de işjeň gatnaşarys.

 

Aýjan ABDULLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat

şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2024 | 25 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR

26 Sentýabr 2024 | 23 okalan

ÖSÜŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

24 Sentýabr 2024 | 70 okalan

MÖHÜM ÇÄRÄNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA