«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

     Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şöhraty dünýä dolýar. Şygryýet äleminiň şasy Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň taryhynda-da uly yz galdyran akyldarlaryň biridir. Magtymguly Pyragy türkmeniň bir supranyň başyna jem bolmagynyň arzuwynda bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda akyldar şahyryň arzuwlary wysal tapdy.

     Magtymguly Pyragynyň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede babatda durmuşa geçirilýän işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew we Saýat etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň «Bagt köşgi» toý mekanynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirdik. «Magtymguly Pyragy sözüň güýji-gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýen at bilen geçirilen bu söhbetdeşlikde «Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň bölüm redaktory Agageldi Italmazow, TMÝG-niň Saýat etrap Geňeşiniň başlygy Baýmyrat Hudaýberdiýew, şeýle hem guramanyň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsiniň ýaş nesillerimizi terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar edebiýata, sungata we milli mirasymyza aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Nadira RAHMEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI