AÝDYŇ MAKSATLY BEÝIK WEZIPELER

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda  ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça uly toplumly işler alnyp barylýar. Şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giňden wagyz etmek işleri şanly ýylymyzda öňde duran esasy wezipeler hasaplanylýar. Biz hem bu ugurdaky işlere öz mynasyp goşandymyzy goşmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary bilen bilelikde wagyz-nesihat çärelerine giň gerim berýäris. Ýakynda Halaç etrap häkimliginde «Aýdyň maksatly beýik wezipeler» diýen at bilen geçirilen maslahat hem hut şu meselä bagyşlandy. Oňa ýaşuly wekiller, etrap polisiýa bölüminiň işgärleriniň bilim ulgamynda zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary, mugallymlar we okuwçylar gatnaşdylar. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen geçirilen bu maslahatda Türkmenistanyň il ýaşulysy, Halaç etrabynyň ýaşaýjysy G.Bazarow, Halaç etrabynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça bölümçesiniň maýory B.Weliýew, Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy, Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy A.Şirowa, Halaç etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy B.Möwlýamowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeler hökmünde dowam etdirilýändigi aýdyldy. Maslahatda çykyş edenler ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler we alkyşlar aýtdylar.

     Soňra maslahata gatnaşyjylar Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginde ýerleşýän Idris baba medresesine gezelenç etdiler.

 

Gözel AMANSÄHEDOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 17 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 43 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 17 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI