EDEP BILEN EZIZ SIZ, HAÝA BILEN BEÝIK SIZ!

      Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Türkmenbaşy şäheriniň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, zenanlarymyzyň mertebesini belentde tutmak, olar barada döwletiň düýpli aladalaryny ýaşlara düşündirmek maksady bilen, orta mekdeplerde okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-nyň medeni sport toplumynyň mejlisler jaýynda guralan bu duşuşyga şäheriň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy gyzlary, mugallym zenanlar we kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda zenan edebi we mertebesi, ony gorap saklamak, nesil terbiýesi dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda enelere hormat goýmakda, döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan işlerde zenanlaryň tutýan ornunyň belentdedigi barada aýdyp, müňýyllyklaryň dowamynda has ýokary derejä galan milli mukaddeslikleri gorap saklamagy we türkmen gyzlarymyza mahsus päklik, arassalyk, halallyk, wepalylyk ýaly gylyk-häsiýetleri dowam etmekligi belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR