ENELERIŇ GÖRELDESI – NESILLERIŇ ÝÖRELGESI

    Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda etrabyň medeniýet bölüminiň mejlisler jaýynda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň gatnaşmaklarynda «Gyzly öý – gyzylly öý», «Gyz edebi – il edebi», «Eneleriň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi», «Gyz edebi sandykda» ýaly ene-mamalarymyzyň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlarda ornaşdyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ene-mamalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, edim-gylymlaryny, däp-dessurlaryny öwrenmek, olary dünýäde giňden wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňyna, durmuşyna ornaşdyrmak ugrunda bimöçber işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Mundan başgada geljegimiz bolan ýaş gyzlarda zähmet endigini kemala getirmek, asyllylyk, utanç-haýalyk, maşgala ojagyna, ata-enä wepalylygy terbiýelemek dogrusynda giňden beýan edildi. Çäräniň ahyrynda zenan mertebesini belentde tutýan, milliligimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Abat MÄMMEDOWA,

Balkan welaýatynyň Esenguly etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR