ARKADAG ŞÄHERINIŇ EÝJEJIKLERI BÄSLEŞDILER

       Ýakynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda «Iň eýjejik gyzjagaz – 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Oňa şäheriň çäginde hereket edýän umumybilim berýän orta mekdepleriň 2 – 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlar gatnaşdylar.

       Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bäsleşikde eýjejik gyzlar tassyklanan düzgünnama esasynda 3 şert boýunça özara bäsleşdiler.

       Birinji şertine laýyklykda, bäsdeşler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  aladalary netijesinde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde gyzjagazlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp ediler. Gyzgalaňly dowam edýän bäsleşigiň üçünji şerti has-da täsirli bolup, onda bäsleşige gatnaşýan gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzda, nesilden nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirdiler.

       Munuň özi  Hormatly Prezidentimiziň: «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemegi örän möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys» diýen sargytlaryndan, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda  ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakdan, zehinli çagalary ýüze çykarmakdan we goldamakdan olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybarat bolan baş maksadynyň ýerine düşýänligini aýdyňlygy bilen görkezýär.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY