TARAŞLAP ŞAGLATGYL KÖŇLE GELENIŇ...

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň badalga alanyna heniz uzak wagt geçenok. Muňa garamazdan, bu gysga döwrüň içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler barmak büküp sanardan köp. Olar häzirem üstünlikli dowam etdirilýär. Ol işleriň agramly böleginiň Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi bilen baglanşykly bolmagy örän buýsandyryjydyr. Çünki şahyrymyzyň goşgulary paýhas ummany ýaly çuňdur. Ony hemmetaraplaýyn öwrenmek magtymgulyşynaslaryň öňünde uly borç bolup durýar. Bu işde talyplar hem çetde durmaýarlar. Şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan medeni köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, öz pikirlerini beýan edýärler. Dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşýarlar.

       Ine bugün hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda, milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli, geljekki hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, dünýägaraýyşlaryny has-da giňeltmek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny giňden wagyz etmek, ata Watanymyzyň ösüşine guwanýan ýaşlary höweslendirmek, olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, täze üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen «Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň...» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide Türkmenbaşy şäheriniň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň taslamalarynyň gazanan üstünlikleri, şeýle-de halkymyzyň baý medeni-taryhy mirasy barada gürrüň berdiler.

       Soňra bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlar bäsleşigiň 4 şerti boýunça bäsleşip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Maýagül GARAJAÝEWA,

TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR