ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda eziz ülkämiziň ähli künjeklerini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäreler üstünlikli dowam etdirilýär. Halkymyzyň «Bag durmuşyň bezegidir» diýen paýhasly jümlesi biziň günlerimizde nurana arzuwlaryň amala aşýandygyny görkezýän hakykata öwrüldi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dabara tebigat baradaky aladany esasy ugur edinýän halkymyzyň ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza bolan ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen ýazky ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl aýratyn öwüşginlere beslenýär. Sebäbi bu çäräniň täzelenişiň baýramy bolan Milli bahar baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi, oňa ildeşlerimiziň agzybirlikde, uly hyjuw bilen gatnaşmagy ählihalk bag ekmek dabarasyny ählihalk baýramyna öwürýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. Golaýda Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň alabaý itleri» assosiýasiýa merkeziniň binasynyň ýanaşyk ýerinde ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, ýaş çatynjalaryň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy uly zähmetsöýerlik joşguny bilen geçirildi. Bu dabara ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR