Ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlara eýerip, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çäresi uly şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran dabarasynda baýramçylyk gutlaglary joşgunly ýaňlandy.
Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden-belent ýaňlanan aýdymdyr-sazlarda, tans we folklor toparlarynyň buýsançly çykyşlarynda, türkmen tebigatynyň, bahar paslynyň waspy belentden ýaňlandy. Biri-birine utgaşan çykyşlarda şahandaz ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny gazallaryň, küştdepdileriň üsti bilen joşgunly beýan etdiler. Bulardan başga-da amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň we ýaş suratkeşleriň ajaýyp döwrümiziň buýsançly ösüşlerini aýdyň görkezýän suratlarynyň sergilerine-de uly orun berildi. Milli senetçilik, halyçylyk, zergärçilik hem-de sungatyň beýleki görnüşleri boýunça ýerleşdirilen işler köpleriň nazarynda boldy. Baýramçylyk dabaralaryndan ruhlanan adamlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.