Golaýda Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan möhüm wezipelere bagyşlanyp, «Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki tagallalarynyň ähmiýeti» atly maslahat geçirildi. Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, welaýat, etrap-şäher häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ata Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanan ajaýyp üstünlikleri, ýeten beýik sepgitleri nusgalykdyr. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda soňky on bäş ýylyň dowamynda dürli ugurlar babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri barada anyk ykdysady görkezijilere salgylanmagy şeýle buýsançly hakykatyň aýdyň şaýady boldy. Şol anyk durmuş-ykdysady görkezijiler Diýarymyzyň gurmak, döretmek ýoly bilen nurana geljegine tarap ynamly öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle-de çykyş edenler «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde kesgitlenen anyk wezipeleriň halkyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga, sebitleriň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendigini uly buýsanç bilen nygtadylar.
Maslahatda halkymyzyň röwşen geljegi üçin ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.