NOWRUZ-TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY

      Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi diýen ýaly özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Halklary bir-biri bilen ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni hem şeýle baýramlaryň naýbaşylarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly ýagdaýda giňden bellenilýär. Ine, bu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Türkmenbaşy etrabyň merkezi seýilgähinde «Nowruz-tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Nowruzy, bahary hem-de türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edip ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy

etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR