NOWRUZ GELDI DIÝARA

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni-mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe bolýar. Ruhy–medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek, medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwletli Diýarymyzda Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýylyň-ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär.

      Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramydyr. Nowruz saçagy dürli naz-nygmatlar bilen bezelýär. Şolaryň biri-de Nowruz semenisidir. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumyadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda – mart aýynyň 21-inde bellenilipdir.

      Nowruz baýramy galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň ýörelgeleridir.

      Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belleniljek Nowruz baýramynyň şagalaňy dünýä dolsun! Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň belent maksatlary myradyna gowuşsyn!

 

Amangözel EŞEROWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR