Türkmenleriň ata urugyndan bolan Durdy şahyr Magtymguludan ulurak bolup, ol Etrek sebitlerinde ýaşapdyr.
Günlerde bir gün, Durdy şahyryň at-owazasyny eşiden ýaş Magtymguly atasy Azadydan rugsat alman, onuň bilen aýdyşmaga gidipdir. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, iki şahyr sorag-jogaply goşgy aýdyşmaga başlapdyrlar. Magtymguly Durdy şahyryň soraglarynyň köpüsine jogap beripdir. Ýöne iň soňunda onuň bir soragyna jogap berjek bolanda ýalňyşypdyr.
Şonda Durdy şahyr:
– Magtymguly sen yzyňa gaýdyber. Pylan setire beren jogabyň ýalňyş boldy – diýip aýdypdyr.
Lapykeç bolan Magtymguly atasynyň ýanyna gelip, Durdy şahyryň soragyna jogap berip bilmändigini aýdýar. Atasy:
– Oglum, Durdy şahyr zehinli şahyrdyr. Indi onuň bilen aýdyşmaga gitseň, maňa öňünden duýdurgyn – diýýär.
Magtymguly atasyndan şygyr düzmegiň tilsimlerini pugta öwrenip, ýaňadandan Durdy şahyr bilen aýdyşmaga gidipdir. Olar «Habar ber! şeýledir» diýen aýdyşyk şygryny aýdypdyrlar.
Durdy şahyr:
– O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?
O nämedir, aýagy ýok, towusýan?
O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
Magtymguly:
– Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,
Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,
Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
– O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?
O nämedir, ganaty bar, gany ýok?
O nämedir, adam ýuwdar, jany ýok?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
– Ol kependir, ýakasy bar, ýany ýok,
Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,
Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
– O nämedir, derwezesiz galadyr?
O nämedir, penjiresiz binadyr?
O nämedir, bir-birinden aladyr?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
– Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,
Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,
Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
– O nämedir, iýmediler, doýdular?
Ol nämedir, kyýamata goýdular?
Ol kim idi, dabanyndan soýdular?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
– Ol didardyr, iýmediler, doýdular,
Ol namazdyr, kyýamata goýdular,
Nesimini dabanyndan soýdular,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
– O nämedir, ýedi ülkäni gezýän?
O nämedir, bilini bir zat ezýän?
O nämedir, adam mysaly syzýan?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
– Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,
Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,
Bedew atlar adam mysaly syzýan,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
– O nämedir, toprak üste süýrenmez?
O nämedir, adamlara görünmez?
O nämedir, hiç bir dona bürenmez?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!
– Erenlerdir, zelil bolup süýrenmez,
Ol beladyr, gelse, göze görünmez,
Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir.
Bu gezek Magtymguly Durdy şahyryň ähli soraglaryna dogry jogap beripdir. Muňa Durdy şahyr begenip:
– Bar, kärdeş, sen arkaýyn gidiber. Seniň bilen sorag-jogap aýdyşyp ýeňjek ýokdur – diýipdir.
Magtymguly Durdy şahyryň ýanyndan begenip gaýdypdyr.
«Magtymguly hakynda rowaýatlar», 2014.