EDEP-TERBIÝE YNSAN DURMUŞYNYŇ BEZEGIDIR

      Halkymyzda gadymdan gelýän asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Ýaş nesillere berilýän terbiýäniň özeninde hem milli ýörelgeler aýratyn orun eýeleýär. Jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen aýrylmaz bagly bolup durýar.

      Golaýda şular dogrusynda «Edep-terbiýe ynsan durmuşynyň bezegidir» ady bilen Aşgabadyň dokma toplumynyň Nah-egirme fabriginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärede halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda birnäçe çuň manyly çykyşlar edildi. Çykyş edenler maşgala gymmatlyklary, edep-terbiýe, maşgala näçe berk boldugyça jemgyýetiň şonça baý bolýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Atajan ATAJANOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 79 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 61 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI