Golaýda Türkmenbaşy jins dokma toplumynyň mejlisler jaýynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň mazmuny 2024-nji ýylyň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylmagy we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orununy pugtalandyrmak boýunça alynyp barylýan işlere öňde goýulan wezipelere, şeýle hem gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny wagyz etmek baradaky çykyşlar bilen baýlaşdyryldy. Duşuşyga gatnaşanlar öz çykyşlarynda 2024-nji ýylda edilmeli işleriň, geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy barada dokmaçylara gürrüň berdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten sepgitleri, halkara derejelerde geçirilýän çäreler, olimpiadalara gatnaşyp gazanylan üstünlikleri hakynda hem buýsanç bilen bellediler. Lukmanlar bolsa, öz gezeginde sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmelidigini wagyz etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan beýik işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Batyr MYRADOW,
Türkmenbaşy Jins toplumynyň
Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.












