BEÝIK SÖZ USSADYNYŇ NESIHATLARY

     Akyldar şahyr Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde diňe bir döwürdeşleriniň durmuşyndan söz açman eýsem, umumadamzat meselelerini gozgaýan paýhasly pikirleri öňe sürýär. Pyragynyň goşgularynyň halka düşnükli bolan sada hem çeper dilde ýazylmagy olaryň teşne göwünlere gonmagyna ýol açypdyr. Il-günüň begenjine begenip, agysyna gynanan şahyryň döredijiliginde adamzat ähline müdimilik zerur bolan watansöýüjilik, dost-doganlyk, halallyk, agzybirlik, mertlik,dogruçyllyk, il-güne wepalylyk ýaly arassa ahlak sypatlary öňe sürülýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öwüt-nesihat temasynda ýazylan goşgular sanardan köp. Şahyr goşgularynyň üsti bilen Watana, zähmete, il-güne, dostluga, gözellige, agzybirlige söýgi döretmegi adama gelişmeýän gylyklardan bolsa daşda durmagy nesihat berýär.

 

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,

Goldan gelse,oňa tagam duz bergil,

Gamlyny göreňde ýagşy söz bergil

Entäni goldara hemaýat ýagşy.

̶ diýmek bilen adamlaryň biri-birleriniň sarpasyny kyn güne düşeni goldap durmagy, eger maddy kömek berip bilmeseň-de süýji sözler bilen duýgudaşlyk bildirmegi nesihat edýär.

     Şahyr:

Hyzyr gezen çölde iller aýylsyn

Ýurt binamyz gaýym bolsun goýulsyn

Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz.

 

-diýip, birleşen türkmen döwletini gurmaklyga çagyrýar. Magtymgluy Pyragy «Gidiji bolma» diýen şygrynda:

 

Gel köňlüm, men saňa nesihat kylaý,

Watany terk edip gidiji bolma.

Özüňden egsik bir gaýry namardyň,

Hyzmatynda gulluk ediji bolma.

-diýip, Watan mukaddesligi, ony hiç bir gymmatlyk bilen deňäp bolmajakdygyny, Watana ömür boýy wepalyly bolmalydygyny nesihat edýär. Şeýle-de şahyr:

 

Sözümi diňlese bir bilen belke,

Myradym-nesihat etmekdir halka,

Kazasy aňlamaz begi pis ülke,

Ýagyn ýagmaý, ýerler lerzana gelgeý.

-diýip, ene Ýer üçin ýagyn ýagmagyň zerur bolşy ýaly, halk üçin hem öwüt-nesihatlary bermegiň zerurdygyny düşündirýär.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen edebiýatynyň beýik akyldarlarynyň işlerini düýpli öwrenmek meseleleri giň gerime eýe boldy. Şu maksat bilen türkmeniň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllyk toýuny halkara derejesinde dabaraly belläp geçmek hakynda Karar kabul edilmegi şahyra goýulýan uly sarpanyň netijesidir. Üstümizdäki ýylyň türki dünýäsinde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýan buýsandyryjy wakadyr.

     Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrlan ajaýyp eserleri belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, mertligiň, salyhatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup, türkmen halkynyň arasynda ýaşap gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamydyr. Bu zamanda şahyryň döredijilik mirasyna çuň düşünmäge, içgin öwrenmäge giň mümkinçilik bar. Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belent tutup, edebi mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Jumadurdy SÖÝÜNOW,

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň

Maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER