MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÜNÝEWI PELSEPESI

      Magtymgulynyň öňe süren ideýalary her bir döwrüň üns merkezinde saklanmaly meselelere bagyşlanandygy üçin olar hemişede döwrebaplygyny saklar. Şahyryň döreden goşgulary umumadamzat psihologiýasynyň inçe, aňasty derejedäki pikirlerini çeper aňyň üsti bilen beýan edýär.

      Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede dabaraly bellemek hakyndaky taryhy Kararyň kabul edilmegi buýsandyryjy waka boldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenilişiniň we dünýä dillerine terjime etmekligiň täze döwri başlandy. Munuň özi bolsa akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ylmy esasda öwrenilmeginiň-de täze eýýamynyň başlanýandygynyň subutnamasydyr.

      Üç asyr mundan öň häzirki zaman fundamental filosofiýanyň çygrynda emele geljek ylmy pikirleri özünde jemleýän şygyrlary döretmegi başaran genial şahyr Magtymgulynyň öňe süren ideýalary her bir döwrüň üns merkezinde saklanmaly meselelere bagyşlanandygy üçin olar hemişede döwrebaplygyny saklar. Şahyryň döreden goşgulary umumadamzat psihologiýasynyň inçe, aňasty derejedäki pikirlerini çeper aňyň üsti bilen beýan edýär. Akyldar şahyryň şygryýetiniň döwrebaplygy dogrusyndaky pikirimizi has takyklamak üçin birnäçe goşgulardaky pikirleri seljermek zerurlygy döreýär:

       Magtymguly, bu dünýäniň namysyn,

       Ýygyp-düýrüp, ýele berdim hamysyn.

       Pikir derýasyna aklym gämisin,

       Batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin!(«Neýläýin»).

      Magtymguly Pyragynyň şygrynda dünýäniň namysynyň derisini («hamysyn») ýygyp düýrüp, ýele beren öz gahrymanynyň terki dünýälige baş goşmagynyň sebäplerini beýan edip bilşi üýtgeşik edebi mekdebiň edebi tilsimdir. Goşgynyň ikije setirinde uly many, agram duýulýar. Bendiň soňky iki setirinde-de ynsana mahsus bolan öz-özüň bilen söhbetdeş bolup, bütin dünýäni pikir eleginden geçirmek ýaly umumy düşünjeler aýdylýar. Akyldar şahyryň «Baglar, heý» şygrynda-da durmuş bilen ynsanyň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyga göz ýetirmek, ondan gerek zatlary sykyp almak  ýaly baş meseleler herekete getirilip başlanýar:

      Jahyllykda çar tarapa atyşan,

      Bilmezlikde ham işlere gatyşan,

      Ejiz galyp, garrylyga ýetişen,

      Dert edinip, öz-özünden aglar heý!

      Magtymguly bu bentde dünýä döräli bäri adamzadyň başyndan geçýän jahyllygyň we ondaky goýberilýän ýalňyşlyklaryň esasynda durmuşyň terbiýeleýşi, ynsan ömrüniň soňky ýyllarynda ýaşlygyň bady bilen gözden sypan wajyplyklar barada oturyp pikirlenere tebigatyň (garrylygyň) wagt berşini taraşlap şagladýar.

      Magtymguly Pyragynyň akyldarlygyny ähli goşgularynda duýmak mümkin, ýöne bu goşgusyny ýürege agram salman okamak asla mümkin däl. Sebäbi, şahyr perzent ajysyny ýönekeý sözler bilen beýan etmeýär. Ol goşguda daşdan seretseň göýä bir tebigatyň zynjyrly kanuny boýunça bolaýmaly ýagdaýy başdan geçirýän haýwanlaryň hem duýgusyny synçylyk bilen açýar. Ilki ejizje käkiligiň, bilbiliň, akmaýanyň, jereniň we beýleki haýwanlaryň balalaryny delmuryp goraýşy, ýitgisine çydaman nä alaç gözleýşi barada aýdylyp, haýwan şeýle jebri-jepa çekse, ähli zada akyl-huşy ýetip duran ynsanyň kalbyny dilim-dilim edýän perzent ýitgisiniň hupbatynyň näderejededigini deňeşdirme usulynda, gaýtalanmajak äheňde beýan edýär. Käkilikden ynsana çenli aralykda gurlan garşylyk gahrymanlaryň duýgusyny belli bir agramda saklaýar, şahyr şol agramy beýan etmekde welin, öz gahrymanynyň dünýäsine, hereketine doly girmegi başarýar. Bu bolsa şahyryň çeperçilik dünýäsi hakda-da ýatlamaly zatlaryň köplüginden habar berýär. Magtymguly durmuşdaky hakyky baýlyklaryň nämelerdedigini «Duz hem bolmasa» şygrynda şeýle düşündirýär:

       Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,

       Ne lezzet, içinde duz hem bolmasa.

       Nä bilersen ne işbardyr başyňda,

       Müşgilişdir, başda göz hem bolmasa.

 

       Aýak bar ýörmäge, el bar almaga,

       Kany bende, saglyk şükrün kylmaga,

       Gulak bardyr eşitgeniň bilmäge,

       Kim düzeder, dilde söz hem bolmasa?

      Bu goşgy bentlerinde ynsanyýetiň özi bilen aýrylmaz sepleşip duran baýlyklaryň gadryny bilmelidigi hakynda nygtalyp, göz, el, aýak, gulak, duýgyňy, pikiriňi beýan etmäge dil, saglyk hemişe ýanymyzda bolany üçin olaryň gymmatyny duýmak kynlygy gaty inçelik bilen ýatladylýar. Hemişeki görýän, eşidýän dünýämizi görmek, eşitmek bagtyndan mahrum bolmaklygy bir minutlyk göz öňüne getiren halatymyz dünýämiz daralyp, şükür edip, bu ýaşaýşy tutuş durky bilen bagrymyza basýarys. Ine, şol inçe duýgulary şahyr has siňňitli, täsirli beýan edýär. Magtymguly Pyragy ýaşaýyşda eden ýagşy işleriň, sözleriň galjagyna aňry ýany bilen düşünen weli. Olary amal etmekdede köp zadyň talap edilmeýändigini şygryň beýleki bentlerinde nygtaýar.

      Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biride, ol adamzat filosofiýasynyň esasyndan itergi alýan psihologiýany birjikde unutmaýar. Şahyr adamzada mahsus bolan umumy psihologik aýratynlyklary we indiwidual taraplary beýan edýär. Mysal üçin, söýmek-ýigrenmek, mertlik, namartlyk, aglamak-gülmek we ş.m. düşünjeler umumy bolýan bolsa, üýtgeşik pikirlenmek, hemişe gygyrmak, ýa mydama gamgyn bolmak, diňe gülümsiräp ýöremek we ş.m. umumylykdan ýekeleýinlige saýlanýan häsiýetli aýratynlyklardyr. Akyldaryň şygyrlaryny şu ýokarda sanap geçen psihologik taraplara degişli bolan haýsy wekil okasa-da, öz ýüregine teselli berjek, syrdaş boljak, dostlukly maslahat berjek goşgyny tapjagy ikuçsuzdyr.

      Türkmen halkyny dünýä halklary bilen ylmy we edebi, ruhy tarapdan birleşdirýän akyldar şahyrymyzyň bardygyna tüýs ýürekden buýsanýarys. Magtymgulynyň belent pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp goşgulary bu günki gün halkymyzyň hasyl bolan köp asyrlyk arzuw-hyýallarynyň senasy hökmünde ýaňlanýar, gadymdan bäri türkmeniň milli ruhunyň sütünini düzýän ajaýyp döredijilik ýörelgeleriniň waspyna öwrülýär.

 

Leýla ÖMIROWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar

institutynyň aspiranty.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 97 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER