MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGYRÝET ÄLEMINIŇ ÇYRAGYDYR

     Şanly ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi we ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlary sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaş nesliň arasynda wagyz etmek maksady bilen etrabymyzyň orta mekdeplerinde wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Köýtendag etrap bilim bölümi bilen bilelikde geçirýän bu terbiýeçilik ähmiýetli çärelerde çykyş edýänler türkmen ýaşlaryna mahsus bolan ahlak häsiýetleri, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýörelgeleriniň ähmiýetini nygtaýarlar. Şeýle-hem ildeşlerimiziň çykyşlarynda beýik şahyryň her kimiň ýagşy gylyklary özüne hemra edinmekleri barada aýdan wesýetleri, öwütleri dogrusynda aýratyn söz açylýar.

     Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki şanly ýylynda beýik akyldar şahyrymyz, ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, beýik akyldaryň doglan gününiň ýubileý toýunyň dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanmalara, goldawa eýe bolýandygy dogrusyndaky hem çykyşlara giň orun berilýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň diňe bir çuň manyly şygyrlary bilen däl-de, eýsem, beýik watansöýüjilik göreldesi bilen köňüllerde tagt guran şahsyýetdigi buýsanç diýip nygtalýar. Şeýle ähmiýetli çäreleri ýylyň tutuş dowamynda geçirmegi meýilleşdirýäris. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge, ösdürmäge we dünýä ýaýmaga, ýaşlarymyzy şöhratly pederlerimiziň ýol-ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarys.

 

Döwletgeldi ALLABERDIÝEW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2024 | 23 okalan

GALLAÇYLARYŇ ÝARDAMÇYLARY

28 Iýun 2024 | 61 okalan

TÜRKMEN RUHUNYŇ SARSMAZ SÜTÜNI

28 Iýun 2024 | 24 okalan

DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI