Şu gün Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününiň 3 ýyllygy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan syzylyp çykan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek boýunça «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik ideologiýa bilen has-da berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi iň abraýly döwletleriň hataryna goşmak, halkymyzy ählitaraplaýyn sagdyn, kämil jemgyýete öwürmek ugrunda alyp barýan işleri halkara derejesinde uly seslenmä eýe bolýar.
Şeýle işleriň hatarynda milli ýörelgelere, mukaddes däp-dessurlara we ruhy-ahlak gymmatlyklara, ilkinji nobatda, maşgala ojagynyň synmaz sütünine uly üns berýän Milli Liderimiz hem-de hormatly ýurt Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň gerimini giňeltmek, netije-de sagdyn jemgyýeti üpjün etmek maksady bilen her bir ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegini üpjün etmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredýärler. Häzirki wagtda Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi.
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
diýip belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň ýetimi goldamak, mätäje hemaýat etmek, ynsanperwerlik, beýik adamkärçilik ýaly asylly häsiýetlerine eýerilip açylan bu gaznanyň alyp barýan giň gerimli işleri ýaş türkmenistanlylaryň ençemesiniň ýagty geljegine umyt berdi.
«Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, sebitde iri şäher, «Akylly şäher» konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherimizde hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hereket edip, häzirki wagtda gaznanyň serişdeleriniň esasynda operasiýa edilen çagalara operasiýadan soňky bejergi işleri ýokary derejede amala aşyrylýar. Mümkinçiligi çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin bu merkez dünýäniň ösen tehnologiýalary, şeýle hem olara ezberlik bilen erk edýän kämil hünärmenler bilen üpjün edildi. Bu ýerde zähmet çekýänleriň aglabasynyň ýaşlardan ybarat bolmagy bolsa, ýurdumyzda ýokary derejede durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň netijesinde ýokary bilimli, kämil hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelýändigini aýdyň görkezýär.
Şeýle hem söhbetdeşlikde halkymyza gowşan hoş habarlaryň biri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan täze eseriniň – «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynyň halk köpçüligine ýetirilmegi we onuň ähmiýeti barada buýsanç bilen bellenildi.
Aslynda halkymyzda kitaba aýratyn hormat goýulýar. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem bu babatda «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyz bolsa «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Işiň ussasy – okamak», «Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz» ýaly ajaýyp nakyllary durmuş ýörelgeleri hökmünde kabul edipdirler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän bu kitapda bolsa taryhymyzda görnükli orun berilýän Änew medeniýeti, onuň möhüm wakalary we taryhy döwürleri beýan edilýär. Kitap üç bapdan ybarat bolup, «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» diýlip atlandyrylýar. Olarda baý rowaýata öwrülen geçmişimiz, Änewiň arheologiki tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärlikleriniň öwrenilişi, Watanymyz hakyndaky gymmatly maglumatlar bar.
Milli Liderimiz özüniň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly paýhas-pelsepesiniň hazynasy bolup dörän kitabynda: «Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr» diýip belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eseri hem geljekde milli medeniýetimizi, taryhymyzy öwrenmekde bahasyz gollanma boljakdygyna, her bir ýaş nesliň ýan kitabyna öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.