SÖHBETDEŞLIK ÝAZGY EDILDI

     Düýn Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

     «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaşlar üçin ýörelgedir» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşligiň barşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary derejede toýy toýlanylýan dana şahsyýetimiz Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýoly, beýik ahlak häsiýetli goşgylary we belent şahsyýeti hakynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Sentýabr 2025 | 115 okalan

BILIM — GELJEGIŇ ÝOLY

04 Sentýabr 2025 | 81 okalan

ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY UGRUNDA

04 Sentýabr 2025 | 85 okalan

BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI