Häzirki döwürde jemgyýetde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň kämilleşdirilmegi, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini sarpalamak, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda türki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan syýasatyň özenini düzýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, Andalyp şäher medeniýet merkezinde “Türkmenistan dost-doganlygyň ýurdy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň hünärmenleri çykyş etdiler. Söhbetdeşlikde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinden gelip çykýan wezipeler dogrusynda gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň belent abraýyny dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Azada ORAZOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.