Golaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrabyň zehinli çagalary we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde ýaşajyk sungat ussatlary onuň şertleri esasynda özleriniň döredijilik başarnyklaryny ezberlik bilen görkezdiler. Bagtyýar çagalaryň her biriniň buýsançly hem-de şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Şadyýan çagajyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň rowaçlyklaryny aýdym-sazlaryň, tanslaryň üsti bilen joşgunly wasp etdiler.
Bäsleşigiň emin agzalary bagtyýar çagalaryň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlaryna mynasyp baha berip, aýratyn tapawutlananlaryny ýüze çykardylar.
Netije-de, 65-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Gadambaýewa Nurgözel, 94-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Babaýew Kerwen, 94-nji orta mekdebiň 5-njy synp okuwçysy Babaýew Kasym, 60-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Myradow Ýakup dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan bagtyýar nesilleriň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Derýa MAGSADOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.