Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi halkymyz üçin buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykan täze «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp halkymyza peşgeş bermegi şatlygymyzy goşalandyrdy.
Ýakynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň şeýle-de, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň ähmiýeti, häzirki döwürde Änew şäheriniň ýurdumyzda iň ýokary depginli ösýän we günsaýyn özgerýän merkezleriniň birine öwrülýändigi, şäheriň diňe bir taryhy ýadygärlikleri bilen däl, eýsem, şu günki keşbi bilen hem hemmeleriň ünsüni özüne çekýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy şeýle döwletli döwranda ýaşadýan, her bir günümizi toýdur baýramlara besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, halkymyzyň nurana geljegi ugrunda amala aşyrýan beýik tutumlarynyň rowana menzillerde rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ajap BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.












