2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlary sagdyn ruhly, gujur gaýratly, edep-ekramly edip ýetişdirmek maksady bilen Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda, şol ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşan halypa mugallymlar öz çykyşlarynda ýaşlarymyzyň sport äleminde ýeten beýik sepgitleri dogrusunda, hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri ugrunda dünýä ülňülerine gabat gelýän sport enjamlary ornaşdyrylan sport desgalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gurulyp ulanylmana berilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.
Söhbetdeşlik duşuşygyna gatnaşan myhmanlarymyz eziz Diýarymyzda ýaşlaryň sport äleminde beýik ösüşlere ýetip, dünýä ýüzünde ýaşyl tugymyzy al-asmana göterýändiklerini uly buýsanç bilen belläp, şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin
etrap Geňeşiniň başlygy.












