MANY-MAZMUNA BESLENEN SÖHBETDEŞLIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň gurnamagynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler jaýynda zähmet çekýän ýaşlaryň we bilim alýan talyplaryň gatnaşmagynda «Şöhratly taryhymyzyň nusgalyk beýany» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady bolandygyny belläp, bu kämil eseriň baý many-mazmunyny we ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat edildi. Bellenişi ýaly, kitapda gadymy Änewiň möhüm wakalary we taryhy döwürleri beýan edilýär. Täze eser arheologik tapyndylara we häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Bu eser ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma bolar. Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Mährijemal ATAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 8 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 7 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR