Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak – hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri. Her ýyl ýurdumyzda aprel aýy saglyk aýy diýlip giňden bellenilip geçilýär. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Bagtyýarlyk» sport toplumynda talyp ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşi boýunça aýdym-sazly sport bäsleşigi geçirildi. Çäräniň dowamynda «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň sport meýdançasynda ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary we milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, dürli bäsleşikler guraldy. Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Her bir raýatyň saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygy, döwletimiziň gymmatlygy hökmünde ykrar edilmegi, bu babatda toplumlaýyn işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň oňyn netijeleriniň biziň gündelik durmuşymyzda beýanyny tapýandygynyň nyşanydyr. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, sporty, bedenterbiýäni giňden ýaýbaňlandyrmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary işleri elmydama rowaç bolsun!
Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.