WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň Polisiýa bölüminiň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 58-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda bilim alýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, ýaşlary zähmetsöýerlige, ahlak gözelligine, ene-mamalarymyzdan, ata-babalarymyzdan miras bolup gelýän däp-dessurlarymyza sarpa goýmak, şeýle hem olarda adamkärçiligiň iň oňat häsiýetlerini terbiýelemek dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyna jogap edip olaryň hem özleriniň edep-terbiýeleri, oňat bahalary bilen Watanymyzyň ösüşine goşant goşmalydyklaryny nygtadylar.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ýaşlara okama işlemäge halal zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Gülnara GURBANOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 8 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 7 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR