SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda medeni mirasymyza sarpa goýmak, gadymy taryhy gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmek we ösdürmek, olary giňden wagyz etmek işleri durmuşa geçirilýär.

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirilip, oňa şol guramanyň hünärmeni hem-de YUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň sanawyna giren Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiniň mugallymy gatnaşdylar.Söhbetdeşlik örän täsirli geçip,onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan milli medeniýetimiz, sungatymyz, taryhy we tebigy gymmatlyklarymyz hakynda, olary gorap saklamak, ösdürmek, döwrebap kämilleşdirmek hem-de olary tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwürmek hakynda giňden gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, hut şonuň üçin hem soňky ýyllarda ýurdumyzda birnäçe gymmatlyklarymyz YUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň YUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilmegi Türkmenistanyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, Watan, döwlet, adam hakdaky beýik taglymlary, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we dostluk hakdaky ýörelgeleri, päk ahlaklylyk, halallyk, zähmetsöýerlik hakyndaky öwüt-nesihatlary ýaşlar üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Watançy ýaşlar bu görelde mekdebine eýerip, agzybirlikde, abadançylykda, bagtyýarlykda, asudalykda ýaşar, gurar, döreder, ynamly öňe gider! Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň, at abraýynyň dünýä dolmagynyň hatyrasyna yhlasymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

 

Bibigözel AÝYMOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk

etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar