Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp ýylymyzyň her bir gününi taryhy wakalara besläp, Watanymyzyň röwşen geljegini ähli taraplaýyn ukyply, sagdyn jemgyýeti düzýän sagdyn pikirli giň gözýetimli ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýarlygymyzyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna, halkymyzyň mizemez saglygyna, abadan durmuşyna gönükdirilen işlerinden ruhlanyp, Watan diýlen beýik düşünjäniň mukaddesligini, onuň gymmatyny taryplaýan we alkyşlaýan buýsançly watandaşlarymyzyň ýürek arzuwlaryny, alkyşa beslenen köňül kelamlaryny halk köpçüligine ýetirmegi maksat edinip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, şeýle hem «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň bilelikde guramagyndaky «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşigimiz ýazgy edildi.
Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Şonuň üçinem watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh»,«Jany sagyň- -göwni çag» ýaly pähimlere eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylýarlar.
Gepleşigimiziň ilkinji sanynyň ilkinji myhmanlary bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň lukmany Güljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Umida Kakaýewa, şeýle-de Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alýan Çeper Baýramowanyň mähriban käbesi Güljan Baýramowa dagylar gatnaşdylar.
Çykyş edenler ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň uly üstünlikleriniň hatarynda ykrar edilendigi,.«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygy, pudagyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylýandygy, şeýle hem innowasion tehnologiýalaryň we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeleriň işjeň ornaşdyrylýandygy dogrusynda bellediler. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar körpe nesillerimiziň saglygy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, sagdyn jemgyýetiň kemala getirmekde birnäçe işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar!
Ajap BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.