PIKIR DERÝASYNDA AKYL GÄMISI

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmundaky şygar astynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň 2-nji sport mekdebinde 2008 – 2009-njy ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda sportuň küşt görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Bu bäsleşik gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Onuň eminler toparynyň gelen netijelerine görä, ýetginjek oglanlardan 60-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Alibek Anwarow 1-nji orna, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Hoşgeldi Saryýew 2-nji orna, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ýunus Saryýew 3-nji orna, ýetginjek gyzlardan 60-njy orta mekdebiň 11-nji we 8-nji synp okuwçylary Bahar Işjanowa hem-de Sandugaş Teňelbaýew degişlilikde 1-nji, 2-nji orunlara, 58-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Çynar Muhammedowa 3-nji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine, şeýle hem tapawutly çykyş edenlere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Serwi GUWANJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar