TARYHYMYZY ÖWRENMEK – GEÇMIŞIMIZE SYÝAHAT ETMEK

         Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň Aksaraý geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Aksaraý diň» taryhy ýadygärligine gezelenç çäresini geçirdi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi taryhy ýadygärliklerimiz, galalarymyz baradaky, şeýle hem öz ýaşaýan obalarynyň döreýiş taryhy bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdyrmak maksady bilen guralan «Taryhymyzy öwrenmek – geçmişimize syýahat etmek» atly gezelenç çäresine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň jogapkär işgärleri, 31-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Gezelenç çäresiniň dowamynda 31-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Kakajan Annaşow okuwçylara «Aksaraý diň» taryhy ýadygärliginiň gurluşy baradaky halk arasyndaky rowaýatlary hem-de geçmişde Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu taryhy binanyň haýsy döwürlere degişlidigi, nähili maksatlarda ulanylandygy, haýsy alymlar tarapyndan öwrenilendigi, şeýle hem bu binanyň beýleki taryhy ýadygärliklerden tapawutly taraplary, häzirki günlerimizde çuňlaşdyryp öwrenilişi barasynda giňişleýin we täsirli gürrüňleri berdi.

         Gezelenç çäresine gatnaşyjylar milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, gadymyýetden habar berýän gadymy galalarymyz, ýadygärliklerilerimiz barada gymmatly maglumatlary öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyklaryny aýtdylar.

 

Yhlas MAHMUDOW,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň

31-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar