Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi Balkan welaýat prokuraturasy, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirligi, «Balkantelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy şeýle-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Balkan welaýat kitaphanynyň mejlisler zalynda welaýat medeniýet müdirliginde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklary esasynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýra goýulmasyz wezipeler barada eden taryhy çykyşyny we elektron resminama, «Elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Aragatnaşyk etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi, peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny düşündirmek boýunça giňişleýin belläp geçdiler.
Şeýle hem, ýaşlaryň sanly ulgam bilen baglanyşykly düşünjesini ýokarlandyrmak, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmak, watansöýüjilik, halallyk, millilik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen durmuş hakykatlaryna salgylanmak arkaly gürrüňler berildi.
Duşuşygyň ahyrynda halkyny bagtly, bagtyýar günlerde ýaşadýan, sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Oguljeren ÇENDIROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.