WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Balkan welaýat prokuraturasy, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirligi, şeýle-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki ähli orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçylarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

      Geçirilen wagyz-nesihat çäresiniň maksady 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek we ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmäge, goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, halal zähmet çekmegi, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç-haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony giňden wagyz etmekden ybarat boldy.

      Maslahatda edilen çykyşlarda müňýyllyklardan bäri adalatlylygy, jomartlygy, hoşniýetliligi, kalbynyň giňligi, açyklygy we parahatçylyksöýüjiligi bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň ruhunyň synmaz edebi sütünleriniň biri bolan dana Magtymguly Pyragynyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky gymmatly ündewleriniň, ýörelgeleriniň häzirki syýasatymyzyň esaslaryny düzýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.

      Şeýle-de duşuşygyň ahyrynda döwletimiziň berkararlygyny berkitmekde, sagdyn jemgyýetde sagdyn nesilleri kemala getirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ähli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR