Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat etrap-şäher Geňeşleriniň agzybir işgärleriniň bilelikde gurnamaklarynda okuw-usuly maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylmaly işler dogrusynda nygtap geçdiler. Ýagny «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyna gönükdirilen işleri dowam etmek hem-de oňa ýaşlary has-da işjeň çekmek, sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda kibermedeniýet sowatlylygy boýunça giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem, kompýuter tehnologiýalaryndan dogry peýdalanmak, olaryň peýdaly we zyýanly taraplaryny öwretmek, hususan-da nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň kiber ulgamlara baglylygynyň öňüni almagy wagyz-nesihat etmek barada bellediler.
Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda bolsa mähriban halkymyzyň röwşen geljegi üçin ähli taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri, bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti Gahryman Arkadagymyzyň, ýaşlaryň hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz hoşallyk sözleri beýan etdiler.
Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.