Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde gurnamagynda türkmeniň behişdi bedewleriniň baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda edilen çykyşlardan mälim bolşy ýaly, ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan miras galan milli buýsanjymyz, toý-baýramlarymyzyň ýaraşygy hasaplanýan bedewlerimiziň iň oňat şertlerde ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa gözellikde ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ajaýyp bedewlerimiziň baş sanynyň artmagyna, tohumynyň hiliniň has-da gowulandyrylmagyna, atlary ösdürip ýetişdirmegiň we çapmagyň milli däpleriniň aýalyp saklanmagyna we ösdürilmegine uly ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda atçylyk boýunça kämil hünärmenler, dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän at çapyşyklaryna, atçylyk sporty boýunça halkara ýaryşlara gatnaşmaga ukyply, ýokary başarnykly çapyksuwarlar taýýarlanylýar. Olaryň hünärlerini kämil ele alyp, geljekde atçylyk sportunyň okgunly ösmegine mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli tagallalar edilýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ähli türkmen halkymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ananýaz SAPAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.