SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan ägirt uly işler özüniň oňyn netijesini berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym – sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr! Sporta söýgi durmuşa söýgidir!» – diýen sözlerinden ugur alyp, bagtyýar ýaşlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň eýerýärler, sport-bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda 1995-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy häzirki wagta çenli ýokary derejede durmuşa geçirilýär.

     Şu jähetden, ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşykdaky çykyşlarda bellenişi ýaly, Aşgabat sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetli merkezi hökmünde ykrar edilip, sebit we dünýä derejeli iri ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýurdumyzyň sport ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işler jemgyýetimiziň sagdynlygyndan, döwletimiziň ykdysady kuwwatyndan habar berýän esasy görkezijileriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen, TMÝG-niň Geňeşleri tarapyndan hem birnäçe sport çäreleriniň we bäsleşikleriniň yzygiderli guralýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler söhbetdeşligiň özenini düzdi.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, milli sportumyzyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Bahar ORAZOWA,

TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag

etrap Geňeşiniň baş bugalteri.

Meňzeş habarlar