GEZELENÇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamakda, ony dünýä ýaýmakda, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilýär.

     Ýakynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlap, «Nusaý» taryhy ýadygärlikler toplumynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň içindäki taryhy maglumatlaryň ähmiýeti, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek, türkmeniň milli medeni mirasyny wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Nusaý» taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Nusaý galasynyň taryhy gymmatlygy, ol ýerde geçirilen gazuw işlerindäki tapylan birnäçe tapyndylar barada goraghananyň hünärmenleri giňişleýin gürrüň berdiler.

     Häzirki wagtda Parfiýanyň diwar suratkeşliginiň we binagärlik bezegleriniň nusgalary Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýar. Ritonlar, mermer heýkeller, patyşalaryň mazarlaryndan gymmat bahaly tapyndylar Türkmenistanyň Milli muzeýiniň zallarynda sergilendi. 2007-nji ýylda Nisa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

     Halkymyzyň baý medeni taryhyny, ýadygärliklerini öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun!

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar