Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň medeni-mirasy dünýä ýaň salýar. Asylly däplere eýermek watançylyk we millilik duýgusyny oýarýar. Türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýar. Medeniýet-ynsanlara nähili ýaşamalydygyny öwredýän beýik mugallym. Sungat-barlygy manyly ýaşamagyň ýörelge-ýoly. Döredijilik-özgeleriň aňyny ösdürmäge özüňi bagyşlamak. Bularyň ählisi birleşip, ynsanyň içki dünýäsini baýlaşdyrýan, ruhy iýmit bolup hyzmat edýän kämil eserleriň döremegine esas bolýar. Asuda, abadan durmuşda ýaşaýan mähriban Watandaşlar. Pederlerimiziň edim-gylymlarynda, urp-adatlarynda, milli däp-dessurlarynda gözelligiň hem-de sagdynlygyň utgaşygy, hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň sazlaşygy berk duýulýar. Milliligimiz ýaýbaňlandyrmak, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýurdumyzda ýerleşýän muzeýlerimize hem-de ýadygärlikler toplumlarymyza gezelenç çärelerini geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýeti, “Edebiýat we sungat” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Saparmyrat Türkmenbaşy Şekillendiriş sungaty muzeýine talyp ýaşlaryň, ýurdumyzda hereket etýän umumybilim berýän orta mekdepleriniň mekdep okuwçylarynyň we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly şygar astynda geçiriljek aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar öz çykyşlarynda Berkarar döwleti peşgeş beren bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlary beýan etdiler.
Baýramgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.