Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin amatly şertleri döretmek, ýaş türkmenistanlylaryň bilime, saglygy goraýşa bolan hukuklaryny üpjün etmek we beýleki köp sanly aladalar döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Çünki şu günki ýaş nesiller geljekde Watanyň ykbalyny öz gerdeninde çekmeli bagtyýar raýatlardyr. Ýakynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde taýýarlan «Durmuşyň gymmaty – saglyk» atly gepleşigimiziň täze sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Mary welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Jahan Gurbanowa, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri Ogulbagt Amanmyradowa, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerinden bejergi alan Aýperi jigimiziň mähriban käbesi Sona Durdyýewa dagylar gatnaşdylar.
Söhbetdeşlikde belleýişleri ýaly, jemgyýetiň her bir ulgamynyň ösüşi ilki bilen adamlaryň saglygyndan başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk – abatlyk» diýen bölümindäki «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär» diýen setirleri adamyň durmuşynyň gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydygy barada beýan edýär. Şeýle-de çykyşlarda ýaňy-ýakynda gadymy Mary topragyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şa gadamynyň düşmegi bilen Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň durkunyň düýpli özgerdilip, halkymyza sowgat berilendigi, onuň dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygy, bu merkeziň aýratynlyklary, bölümleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gepleşigiň dowamynda dogabitdi ýürek kemisliginden ejir çekýän bäş ýaşlyja gyzynyň gaznanyň hasabyna operasiýa edilenden soňky ýagdaýy barada gürrüň beren Sona mugallymyň täsirli sözleri, buýsançly ýürek arzuwlary diýseň tolgundyrdy. Ol: «Biziň ähli maşgalamyzyň begenjiniň, guwanjynyň çägi ýok, bu zatlaryň ählisiniň sakasynda Gahryman Arkadagymyz dur. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bize bahasyna ýetip bolmajak uly kömekleri etdiler. Gahryman Arkadagymyz meň oglumy we 100-lerçe maşgalany bagtly etmek bilen, olaryň ömrüne ömür goşdy. Munuň üçin biz öz maşgalamyzyň we şol saglygy dikeldilen çagalaryň maşgalalaryň adyndan, ene ýüregimden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys» diýip buýsançly belledi. 100-lerçe çagalaryň geçirilýän bejergiler netijesinde sagdyn çagalaryň hataryna goşulmagy diňe bir bu çagalaryň ykbalyny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem-de birnäçe umytsyz ene ýüreklerine öz perzentleriniň saglygyna müdimilik guwanmaga mümkinçilik berýär.
Çäräniň ahyrynda myhmanlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň saglygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň özenine öwren, Gahryman Arkadagymyzyň bu sogaply başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, alkyşlara beslenýän ýollarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ajap BAÝGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.