TÄZE KITAP – HALKYŇ RUHY NYGMATY

      Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň mugallymlarynyň, okuwçy ýaşlarynyň gatnaşmagynda, wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Duşuşykda Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň Gubadag şäher merkezi kitaphanasynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň Milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigi, dünýä medeniýetiniň ösüşine özüniň ägirt uly goşandyny goşan ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýolunyň, baý taryhy-medeni mirasymyzyň kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi barada buýsançly belläp geçdiler. Şeýle-de, duşuşyga gatnaşanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzy milli medeni mirasymyzy, baý taryhymyzy öwrenmekde uly ähmiýete eýe bolan ajaýyp eseriniň – «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, gymmatly eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

 

 

Ogulnabat KALANDAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar