GADYMY MEDENIÝETIŇ OJAGY – GIŇDEN AÇÝAR GUJAGY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren täze kitabynyň mazmunyny halk arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryna degişli edara-kärhanalarda dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlar hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň gadymy we baý taryhyndan söhbet açýan, ençeme gyzykly maglumatlary özünde jemleýän ajaýyp kitabynyň mazmuny, bu kitabyň ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmekde, geljekki nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadygy barada giňişleýin çykyş etdiler.

     Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýtdylar.

 

Täjigül GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar