BU DÖWLETLI-DÖWRANYŇ WASPY ŞIRIN DILLERDE

     Ýaňy-ýakynda şeýle baýramçylyk şygary astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde, gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdepleriniň «Halk saz gurallary» we «Üflenip kakylyp çalynýan saz gurallary» bölümlerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirdi. Bäsleşigiň maksady ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmekde öňde goýlan maksatlardan ugur alnyp, okuwçylaryň ýekelikde ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek hem-de zehinli çagalary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

     Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, fleýta ugry boýunça kiçi synplaryň arasynda Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Leýli Maksudowa 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Madina Allaýarowa 2-nji orna, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýşa Mämedowa 3-nji orna, fleýta ugry boýunça uly synplaryň arasynda Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Gülbibi Gaýipowa 1-nji orna, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Aýtäç Öwezowa 2-nji orna, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Ogulşat Muhyýewa 3-nji orna, klarnet ugry boýunça kiçi synplaryň arasynda Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Begzad Jumaşow 1-nji orna, Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Allanur Allabaýew 2-nji orna, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Nowruz Amanow 3-nji orna, klarnet ugry boýunça uly synplaryň arasynda Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Myradow 1-nji orna, Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Jawlanbek Babajanow 2-nji orna, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Pälwan Serdarow 3-nji orna mynasyp boldular.

     Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar