Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Oňa mekdebiň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň täze eseriniň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda peşgeş berilmeginiň döwürleriň arabaglanyşygydygy, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýändigi, milli gymmatlyklarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýandygy barada giňişleýin bellediler. Çykyşlarda täze, ajaýyp kitabyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gutlag sözleri öz beýanyny tapdy.
Dabara gatnaşanlar milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we köptaraply medeniýetine çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.