Şeýle ajaýyp şygar astynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden ýaýbaňlandyrylyşy ýaly, gadymy Daşoguz topragynda hem ýokary depginde dowam etdirilýär. Şeýle sport çäreleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan hem ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär we bäsleşiklerde ýokary netijelerini gazanan ýaşlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleriniň Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Geçirilýän çäreleriň düýp maksady ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta bolan höwesini artdyrmak, giň dünýägaraýyşly, ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, sagdyn pikirlenýän, sagdyn durmuş ýörelgelerine uýýan nesli kemala getirmek, ýiti zehinleri ýüze çykarmak bolup durýar. Şeýlelik-de, eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.
Sabyrgeldi BEGOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.