Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrabyň Dilewar oba medeniýet öýünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler bu ajaýyp şa eseriniň baý many-mazmuny, ýaşlary terbiýeleýjilik ähmiýeti, ýurdumyzyň ösmegi, özgermegi babatda beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eseriniň durmuşymyzda ýol görkeziji şamçyraga öwrüljekdigi barada uly buýsanç bilen hem-de giňişleýin belläp geçdiler.
Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Farruhbek HAÝITOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.