Golaýda Görogly etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Görogly etrap bölümi bilen bilelikde guramagynda, «Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar we orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap birleşmesiniň başlygy, etrap zenanlar bölüminiň orunbasary Şasenem Orazowa, etrap häkimliginiň medeni-durmuş ulgamynyň baş hünärmeni Jahan Annarazowa, etrap hassahanasynyň endokrinolog lukmany Gülnar Hangeldiýewa hem-de şol hassahananyň deri-wenerolog lukmany Şirin Gazakowa, Görogly etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylary bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Jahan Öräýewa, etrap merkezi kitaphanasynyň işgäri Ogulboldy Öwezowa, 41-nji orta mekdebiň mugallymy, etrap Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Patma Allabaýewa, 2-nji sport mekdebiň instruktor-usulyýetçisi Nurjemal Teşäýewa we beýlekiler çykyş etdiler.
Olar çykyşlarynda türkmen zenanyna ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häsiýetler ýaraşýar diýip, enelerimizden miras galan gylyk-häsiýetleri ýaş gelin-gyzlarymyzyň özlerine endik edinmelidigini bellediler. Şeýle hem, halkymyzyň sagdyn bolmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi terbiýelemekde taýsyz tagallary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary etrabymyzyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 50-nji we 65-nji orta mekdeplerinde hem giňden ýaýbaňlandyryldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.