Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler otagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik çäresini gurady. Söhbetdeşlik hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze, ajaýyp kitabynyň baý many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen geçirildi. Söhbetdeşlikde çäräni guraýjy edara-guramalaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Ýaşlaryň ýürek buýsançly çykyşlaryna we gutlaglaryna giň orun berlen söhbetdeşlikde çykyşlaryň özenini hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitabyny sowgat berendigi üçin ýaşlarymyzyň buýsançly başlaryny göge dirändigi, täze ýeňişlere ruhlandyrandygy, olaryň özlerine, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan ynamyny, söýgüsini güýçlendirip, ganatlandyrandygy, şeýle-de, kitabyň baý many-mazmuny baradaky buýsançly gürrüňler düzdi.
Bu «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.